Brifing duşuşygy

Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat»
teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak» ýylynda
BMG-nyň Baş
Assambleýasynyň 79-njy sesiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi
hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň
döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli brifing duşuşygy
geçirildi. Duşuşygy «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we
gurnaýjysy – Guwanç Çaryýarow alyp
bardy. Şeýle-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy –
Allaberdi Berdiýew, Birleşen
Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky
Döwletliler köşgüniň iňlis dili mugallymy – Myrat Halnazarow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy – Suraý Guljanowa, Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahabat gaznasynyň hasabyna bejergi alan Allanazarow Hangeldiniň ejesi – Allanazarowa Gülälek dagylar çykyş etdiler.
Başga-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyň, Türkmen döwlet
maliýa institutynyň talyplary hem-de dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaş
hünärmenler duşuşyga gatnaşdylar.



 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244