Parahatçylygyň reňk öwüşginleri

Asyrlaryň
dowamynda sungat adamlary parahatçylyk baradaky ýürek arzuwlaryny eserleriniň
üsti bilen beýan edip gelipdirler. Sungatyň adamlaryň aňyna, durmuşyna öz
täsirini ýetirýändigine bolsa taryh şaýatlyk edýär. Biz hem müňýyllyklar içre
uzap gidýän ýoluň dowamynda parahatçylyk ilçisine öwrülen surat eserleridir
olary döreden dünýä belli suratkeşler dogrusynda gysgaça gürrüň etmegi makul
bildik.



«Jeňiň netijesi». Wasiliý
Wereşaginiň bu işi öz döwrüniň iň ýagty we çuň mazmunly eserleriniň biridir.
Onuň özboluşly tarapy — bellibir taryhy waka bagyşlanmandygy. Suratkeş bu
eseriň üsti bilen ähli döwürleriň ynsanlaryna parahatçylyga çagyryş bilen
ýüzlenýär. Suratyň çarçuwasynda Wereşagin: «Ähli döwürleriň beýik basybalyjylaryna
bagyşlanýar» diýip ýazypdyr. Şeýle diýmek bilen, suratkeş ähli jeňleriň
netijesiniň birdigini adamzada ýatladýar.



«Gernika».
Pablo Pikassonyň «Gernika» atly
işinde hem tutuş dünýä ýüzünde iň uly baýlygyň parahatçylykdygy sungatyň
dilinde beýan edilýär. Eserde beýan edilýän pikir-duýgularyň abstrakt usulda
açylyp görkezilmegi, tomaşaçy üçin özbaşdak netije çykarmaga giňişlik döredýär.



«Jeňiň
keşbi».
Salwador Dali bu eserinde
ykballara ýowuz daran urşy beýan etmegi öz öňünde maksat edip goýupdyr. Ussat
suratkeş bu eserinde urşuň getirýän ähli gahatçylyklaryny, onuň bimanylygyny,
soňunyň puçdugyny beýan etmegi başarypdyr.



«Parahatçylyk
üçin».
Rus suratkeşi Fýodor
Reşetnikowyň 1950-nji ýylda döreden bu eserinde oglanjyklar, aňyrda bolsa
adamlaryň üýşmeleňi suratlandyrylypdyr. Diwaryň ýüzünde fransuzça:
«Parahatçylyk» diýip ýazylypdyr. Göräýmäge ähli zat düşnükli. Emma hemmeleriň
islegi bolan şol adaty jümläni ýazýan oglanjyklaryň ýüzündäki howsala, howatyr
tomaşaçyny oýa batyrýar. Dünýädäki iň gerekli jümläni ýazmak bilen däl-de,
etmesiz bir iş bilen meşgullanýan ýaly, iki oglanjyk garawul dur. F.Reşetnikow
bu eserini döretmek bilen, öz döwrüniň: «Ýagşy adamlar parahatçylyk isleýär»
diýen şygaryna eýeripdir. Suratkeşiň özi bu barada: «Ýagşy adamlar diýlende, ilkinji
nobatda, çagalar göz öňüňe gelýär» diýer ekeni.



«Gowy
durmuş üçin».
Beýik Watançylyk urşuna
talyplyk durmuşyndan sogrulyp gidip, Beýik Ýeňşiň dabarasy astynda, döşüni
orden-medaldan dolduryp dolanyp gelen Yzzat Gylyjowyň «Türkmenistanyň halk
suratkeşi» diýen ada çenli geçen ýolunda döreden eserleriniň tas ählisiniň
süňňi parahatçylyk duýgusyna eýlenendir. Bu babatda ussadyň «Gowy durmuş üçin»
atly eseri halkyň aňynda ägirt uly watançylyk duýgusynyň oýanyşy barada gürrüň
berýär. Reňk öwüşgini ýeterlikdigine garamazdan, eserde kynçylykly ýyllaryň
howasy duýulýar. Ussadyň aýtjak pikirini eseriň gahrymanlarynyň ýüz keşpleri
arkaly tomaşaça ýetirmek ukyby haýran galdyrýar.



Taýýarlan
Aýgül BEKMIÝEWA,



Türkmenistanyň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm
müdiri.



 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244