«Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi» atly sergi

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň
abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň
gymmatly düşünjedir. Ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda
hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Halkyň dürli ugurlarda
öňegidişliklere eýe bolmagy medeniýetiň we sungatyň ösmegi bilen hem berk
baglanyşyklydyr. Çünki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine
onuň ruhy dünýäsi esasy ylham çeşmesidir.



Şekillendiriş sungaty ruhy
gönezlikden kemal tapýar. Şol ruhy gönezlik hem müňýyllyklaryň dowamynda dünýä
halklarynyň aňynda parahatçylygyň durmuşyň naýbaşy gymmatlygydygy baradaky
mukaddes düşünjäni kemala getirýär. Dost-doganlygy durmuş ýörelgesine öwren
halkymyzyň milli-medeni gymmatlyklary ynsan kalbynyň ruhy dünýäsiniň bezegine
öwüşgin çaýýar. Medeni gatnaşyklaryň rowaçlanmagy netijesinde halkymyz dünýä
ýüzüne öz dostana kalbyny açyp görkezdi. Dünýä ýüzüniň şekillendiriş sungatynyň
ussatlarynyň kalplaryndan dörän gymmatlyklaryna parahatçylygyň sesi ebedilik ornaşýar.
Bu günki gün hem, şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň taryha siňen
zähmetlerini belentden sarpalap, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
gaznasyndaky daşary ýurtly meşhur suratkeşleriň hem-de ussat türkmen
suratkeşlerimiziň nusgawy eseriniň «Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk
köprüsi» atly sergi guraldy. Sergide müňýyllyklar içre halkymyzyň hemrasy bolan
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň miweleri bolan ajaýyp sungat eserleri öz beýanyny
tapdy.



Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen ruhynyň we
buýsanjynyň dabaralanýan häzirki ajaýyp döwrümizde milli buýsanjymyz bolan
dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýulýan hormat sarpanyň belentligini täze röwşene
eýe eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat 
bähbitli  işleri hemişe  rowaçlyklary beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244