Watan goragçylarynyň güni mynasybetli

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler halkymyzyň bagtyýarlygynyň mukamy bolup belentden-belent ýaňlanýar. Asyrlara barabar beýik işler bolsa halkymyzyň ykbalyny galkyndyrýar, röwşen geljege bolan ynamyny pugtalandyrýar. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanalarynda ýerleşdirilen nakgaş, heýkel, keramika, amaly-haşam sungat eserlerinden düzülen göçme sergi guraldy. Sergide Ý. Baýramowyň, «Seýdiniň portreti» A.Taganow «Bezeg güldan» A. Taganowyň, «Seýitjemaleddiniň ýadygärligi» G.M. Gurbanowanyň, «Ýüzi nagyşlar bilen bezelen ýalpak görnüşli tabak» atly ajaýyp sungat eserleri sergini synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döredýär. Ýürekleri Watana bolan söýgüden püre-pür ussat hünärmenler halal zähmet çekmäge ajaýyp sergileri gurap halkymyza ýetirmäge döredilýän mümkünçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244