Garaşsyzlyk — halkyň arşa ganat açmasy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Halk maslahatyna uludan taýýarlyk görülýän günleriň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak, şeýle hem oňa toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada çykyş etdiler. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.