«Güneşli ülkäme bahar gelipdir» atly tele ýazgy
Gözel
tebigatly owadan bahar pasly özüniň tämiz, ýakymly
we ajaýyp howasy bilen dünýämize, ýüreklerimize aralaşýar. Pasyllaryň soltany
hasaplanylýan bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip,
daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda Milli bahar
baýramy mynasybetli «Güneşli ülkäme bahar gelipdir» atly tele ýazgysy
geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň mart aýynyň 20-ne
geçirilen tele ýazgyny «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýnabat Mämedorazowa alyp bardy.
Tele ýazgyda muzeýimiziň bölüm
müdiri Hallygözel Şanazarowa, hem-de Ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri
Güljeren Guljaýewa, şol bölümiň hünärmeni Altynaý Esenowa dagylar çykyş
etdiler. Türkmen milletimiziň asyrlar aşyp mukaddeslige öwren millilikleri bu gün
döwrebap äheňde özüniň gymmatyny artdyrýar. Ene-mamalarymyzyň sülük
barmaklaryndan çykan keşdedir, gaýmalarymyz, behişdi halylarymyz bu gün dünýäni
haýrana goýýandygy dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.