Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde göçme sergi

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow
adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz
Türkmenistanym» atly muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisi boldy. Sergi Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baý gaznasyndan
t
ürkmen nakgaş, keramika,
amaly-haşam sungaty eserlerinden düzüldi. Sergide sergilenen M.Kakabaýewiň «Bol saçak»,
«Türkmen milliligi», T.Kiselýowanyň «Bagta barýan ýol», O.Amangeldiýewanyň «El
iş», Ş.Rahymowanyň «Şatlykly güneş» atly eserleri talyplarda aýratyn gyzyklanma
döretdi. A.Taganowyň «Dag görnüşi»,
A.Ataýewanyň «Gopuzçy gyz»,
S.Muhammedowanyň «Tawus» atly heýkel hem-de keramika işleri sergä özboluşly
öwüşgin çaýdy. Şeýle sergileriň guralmagy taryhymyzy, milli medeniýetimizi,
däp-dessurlarymyzy öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmek babatda ähmiýeti
ýokarydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244