Wagyz – nesihat çäresi

Ýurdumyzda Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýunyň
bellenilýän ýylymyzda her bir baýramçylyklar uly dabara bilen bellenilip
geçilýär. Pasyllaryň soltany bolan
bahar paslynda al-elwan güller açylyp, tebigat gülleýär. Watanymyzyň
ajaýyp tebigaty has-da gözelleşip, türkmen halkynyň ýüregini joşdurýar. Nowruz
baýramy döreýişi we janlanyşy aňladyp, bahar paslynyň gelmegi bilen janlanýan
tebigat bilen birlikde adamlaryň hem ylhamy joşýar, täze pikirler döreýär,
döredijilik işgärleriniň hem täze eserleriniň döremegine getirýär. Milli bahar
baýramynda kalby joşýan şahyrlar, sazandalar, suratkeşler, heýkeltaraşlar we
amaly-haşam sungatynyň ussatlary bagtyýar durmuşymyzy, taryhymyzy we häzirki
döwürde gazanylan üstünlikleri wasp edýän sungat eserlerini döredýärler. Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky Kitaphana
Şahamçasy bilelikde guramagynda, Milli Bahar baýramçylygy mynasybetli «Nowruz
dost-doganlyk baýramy» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çäräni
Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky Kitaphana
Şahamçasynyň kiçi bölüminiň müdiri Akmämmedowa Bägül alyp bardy, Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary
Rustamowa Şirin, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri
Guljaýewa Güljeren Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň 2-nji derejeli
kitaphanaçysy Meredowa Merjen, Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň 1-nji
derejeli kitaphanaçysy Ataýewa Bahar, dagylar çykyş etdiler. Wagyz nesihat
çäresi Aşgabat teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244