«Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary»
2025-nji «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak»
ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp
barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, eziz
Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini
hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp –dessurlarymyzy, edep – terbiýäni,
maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy ministrliklerde, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynda we bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda
wagyz etmek, şeýle hem olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin
Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini
artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
şekillendiriş muzeýinde «Ösüşlere
beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz nesihat çäresi
geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Nuryýewa Oraztäç Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar
bagynyň terbiýeçisi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň
işjeň agzasy, Myradowa Baýramsoltan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni, Arazowa Jennet Türkmenistanyň Baş
prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory,
Rejepowa Ogulsabyr Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýiniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň azasy, Muşdakowa Hatyja
Turkmenistanyň Mejlisiniň deputaty dagylar çykyş etdiler.