50-nji ýyllarda zehinli nakgaşlar A.Hajyýew, A.Kuliýew, N.Dowodow, Ý.Annanurow, Ý.Adamowa, A.Amangeldiýew we beýlekiler işjeň döredijilik bilen meşgul bolan suratkeşlerdir. Olaryň her biriniň döredijiligi, aýratyn sungaty öwrenijilik işine mynasypdyr, olaryň hersi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly goşant goşdular. Döredijilik ugurlary, boýunça suratkeşler eserleriň üsti bilen halkyň durmuşyny çeperçilikli döredilen keşplerde beýan edip, öz adamsöýüjilikli pikirlerini hakykatçyl we çynlakaý ýetirmegi başarypdyrlar. 1971-nji ýylda Moskwa şäherinde açylan “Türkmen topragynda” atly sergi şol döwrüň uly medeni wakasy bolýar. Sergide şol döwrüň ýaş nakgaşçylary Ş.Akmuhammedowyň, Ç.Amangeldiýewiň, S.Babikowyň, D.Baýramowyň, G.Begmyradowyň, M.Mämmedowyň we heýkeltaraş J.Jumadurdynyň eserleri bilen tomaşaçylar tanyşdylar. Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda bolup geçýän hil taýdan täze galkynyşy ýüze çykarýar. Hut şol sergiden soň sungaty öwrenijilik edebiýatynda şekillendiriş sungatynyň “türkmen mekdebiniň” emele gelendigi hakynda gürrüňler başlanýar. Muzeý toplumlarynda şol döwürlerde ussatlyk bilen işlän suratkeşleriň eserleri hem ýerleşýär. Olardan Ý.Baýramowyň, W.Pawloskiniň, B.Owganowyň, A.Almämmedowyň, A.Kiçigulyýewiň we beýlekileriň eserlerini agzamak bolar. Nakgaşçylyk bilen deň hatarda türkmen heýkeltaraşlyk sungaty hem aýaga galyp, ösüşi dowam etdirýär. Muzeý toplumlarynyň heýkel bölümi A.Şetininiň, N.Ataýewiň, B.Annamyradowyň, S.Babaýewiň eserleri bilen tanalýar. Grafika bölümi hem eserlere baýdyr. Olar: P.Znamenşikowyň, A.Kinýakiniň, H.Atakgaýewiň, I.Ilýiniň we beýleki suratkeşleriñ eserleridir. Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    20.10.2021                    

„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

               

                             


                    07.10.2021                    

„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

               

                             


                    04.10.2021                    

Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

               

                             


                    01.10.2021                    

Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi