Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan uly ähmiýetli syýasatlary netijesinde     türkmen şekillendiriş sungaty dürli ugurlarda gün-günden ýokary derejelere ýetýär. Halkyň däp-dessurlary, milliligi, bagtyýar durmuşy, topragymyzyň gözelligi döredijilik eserlerinde beýan edilýär. Toýdyr dabaralara beslenen diýarymyzda geçirilýän baýramçylyklaryň sany günsaýyn artýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň şekillendiriş sungatyny özboluşly döredijiligi bilen halkyň durmuşyny wasp eden suratkeşler Saparmämmet we Hojamuhammet Meredowlaryň döredijilik sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet  Meredowyň nakgaş we grafika eserleri türkmen halkynyň oba durmuşy, milliligi, bilen baglydyr. Suratkeşiň „Kalbymyzyň beýany“, „Topraga tagzym“, „Halypalar“, „Suratkeşiň dünýäsi“, „Durmuş ýoly“ atly eserler suratkeşiň özboluşly ýazylyş usulynda ýerine ýetirilen.  Bu hem suratkeşiň ussatlygyny, onuň ýönekeýje reňkleriň üsti bilen, hat-da bir reňkiň üsti bilen hem ýagty-kölegäniň oýnaýşyny aýdyň beýan etmegi başaran ussat suratkeşdir.
Hojamuhammet Meredow sungat äleminde döredilen heýkel eserler hem çuň many-mazmuny bilen aýratyn orun eýeleýär.  Heýkeltaraş Hojamuhammet Meredowyň döredijiligi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Adamzadyň aň-düşünjeleri,  dünýä we durmuş baradaky oýlanmalary bu heýkel eserinde duýulýar. Hojamuhammet Meredowyň döreden heýkelleri özboluşly göwrümi bilen, abstraksiýa görnüşi we filosofiki pikirleri bilen döredilen. Häzirki günde şekillendiriş sungaty nusgawy şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserleri bilen has-da beýik derejelere ýetdi. Doganlar Saparmämmet  we Hojamuhammet Meredowlar bize mizemez sungaty  miras goýdy. Şeýle ajaýyp döredijilik sergileri gurnamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri beýik rowaçlyklara beslensin.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi