Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýeleri” atly sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna bedew bady bilen gadam basýar. Ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljegine barýar. Döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Mähriban halkymyzyň, Berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýeleri” atly sergi geçirildi. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen göçme sergisi gurnaldy. Ç.Saryýewyň  “Bägüller”, Ý.P.Grişiniň “Güller”, “Bahar gülleri”, “Natýurmort”, K.Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý”, “Garaşsyzlyk toýy”, heýkeltaraş  A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz”,  atly eserler sergilendi. Sergä gatnaşan myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty