Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän Diýarymyz bu gün medeniýetde we sungatda ösüşleriň täze derejelerine göterilýär.  Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi halkyň ruhy ösüşini has-da ýokarlandyrýar. Bu baýramçylyga bagyşlanan medeniýet hepdeliginiň dabarasynyň  çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndan ussat suratkeşleriň eserleri sergilendi. „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda geçirilýän bu sergide  ýerleşdirilen eserleriň üsti bilen Magtymguly atamyzyň arzuwlap geçen „Çoh Garaşsyz“ eýýamynda ýaşaýan türkmen halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Baky Bitarap, Garaşsyz döwletimiziň ösüşleri, ýeten beýik derejeleri barada gürrüň berýän eserler ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň “Bir maşgala”, ”Magtymguly zergärçilik ussahanasynda”, Ýarly Baýramowyň “Magtymguly Pyragy”, suratkeş Gylyçmyrat Nurlyýewiň “Gyzgala” atly nakgaş, Alekseý Şetininiň “Magtymguly”, Welmyrat Jumaýewiň  “Magtymguly”  atlandyrylan heýkel we kulal önümleri hem sergilendi. Sergidäki nakgaş,  heýkel we keramika  eserleriniň ählisinde  Magtymguly atamyzyň  nurana keşbi sungat eserleriniň üsti bilen wasp edilýär.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    29.07.2022                    

“El hünäri il gezer” atly duşuşyk

               

                             


                    26-28.07.2022                    

Medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça sebitleýin onlaýn okuwy (treningi)

               

                             


                    14.07.2022                    

„Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşygynyň çäklerinde göçme sergi

               

                             


                    08.07.2022                    

«Men suşini gowy görýärin» atly sergi