«Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän Diýarymyz bu gün medeniýetde we sungatda ösüşleriň täze derejelerine göterilýär.  Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi halkyň ruhy ösüşini has-da ýokarlandyrýar. Bu baýramçylyga bagyşlanan medeniýet hepdeliginiň dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy.

         Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek we nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet  baýramçylygy mynasybetli “Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň” atly baýramçylyk sergi gurnaldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda, ýurdumyzda medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde gurnalan bu sergi şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika eserlerinden düzüldi.

      Türkmenistanyň halk suratkeşleri  Yzzat Gylyjowyň “Bazar Amanowyň portreti”, Ýakup Annanurowyň “Kompozitor Daňatar Öwezowyň portreti”, Durdy Baýramowyň “Alty Garlyýewiň portreti, “Baba Ananowyň portreti”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Dutar hakda söhbet”, Muhammetmyrat Goçmyradowyň “Halk sazy”, Berdiguly Amansähedowyň “Atageldi Garýagdyýew” atly eserinde sungatda mynasyp yz galdyran halypalaryň ussatlygy, aýdym-saza bolan söýgüsinden doly ruhy dünýäsi açylyp görkezilýän bolsa, Türkmenistanyň halk suratkeşleri  Ýarly Baýramowyň “Magtymguly Pyragy”,  Aýhan Hajyýewiň “Mollanepesiň portreti”, Ýakup Annanurowyň “Durdy Haldurdynyň portreti”,  Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň “Şahyryň ýaşlygy”, suratkeş Ogulgurban Atabalowanyň “Aşyk bolmuşam”, atly eserlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň we türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran görnükli wekilleriniň keşbi janlanýar.

         Türkmenistanyň halk suratkeşleri Juma Jumadurdynyň, Ýedinazar Madatowyň, Saragt Babaýewiň, Maral Ataýewanyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň, suratkeşler Nurmuhammet Ataýewiň, Muhammet Ýüzbaşew, Gülara Babaýewanyň  heýkel we keramika eserlerinde hem medeniýet we sungat işgärleri, olaryň döredijiligi, Magtymguly atamyz  barada söhbet açylýar. 

         Baýramyňyz gutly bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    29.07.2022                    

“El hünäri il gezer” atly duşuşyk

               

                             


                    26-28.07.2022                    

Medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça sebitleýin onlaýn okuwy (treningi)

               

                             


                    14.07.2022                    

„Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşygynyň çäklerinde göçme sergi

               

                             


                    08.07.2022                    

«Men suşini gowy görýärin» atly sergi