«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý edebi mirasyny, nusgawy edebiýatyny öwrenmäge we giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Häzirki döwürde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasy belent derejede göterilip, dana şahyrymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan goşgulary nesiller watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

         Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen dabara hem, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan sarpanyň uludygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Bu günki dabarada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hen-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçiren «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň bäsleşige hödürlän goşgularynda, makalalarynda, hekaýalarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy, akyldar şahyrymyzyň ömri we paýhasly döredijilik dünýäsi çeper beýan edildi.

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýenijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň Hormat Hatlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.

Dabarada çykyş eden döredijilik işgärleri türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek, Magtymguly Pyragynyň hormat- sarpasyny dünýä ýüzünde has-da belende götermek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar.  

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    29.07.2022                    

“El hünäri il gezer” atly duşuşyk

               

                             


                    26-28.07.2022                    

Medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça sebitleýin onlaýn okuwy (treningi)

               

                             


                    14.07.2022                    

„Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşygynyň çäklerinde göçme sergi

               

                             


                    08.07.2022                    

«Men suşini gowy görýärin» atly sergi