GURJAKLARYŇ ERTEKI DÜNÝÄSI

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan «Gurjaklar we oýnawaçlar dünýäsi» atly döredijilik sergisi gurnaldy.
Gurjak – gadymy döwürlerden bäri ähli dünýä belli bolan oýnawaçdyr. Bu serginiň üsti bilen siz gurjaklar dünýäsiniň üýtgeşik, täsin gahrymanlary bilen tanşyp bolýar. Sergilenýän işleriň arasynda ussatlaryň elde ýasan häzirki zaman hem milli egin-eşikli, örülen we bezeg üçin neýetlenen, ýumşak ýada agaçdan edilen; uly we kiçi göwrümli gurjaklar bardyr.   
Sergide türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň durmuşy, olaryň başdan geçiren wakalar janlarýar – bu ýerde Oguz hanyň döwründe ýaşan gaýduwsyz ýigitlere, ýedi doganyň jigisi Akpamyga, gadymy ülkeden gelen gözel şagyzyna, jadyly we hyýaly dürli görnüşli jandarlara duş gelip bolar. Sergi kiçi ýaşly myhmanlary gyzyklandyryp hem höweslendirip, ulular üçin çagalyk döwrüne dolanmaga mümkinçilik berer.   
Türkmen gurjak ussatlaryň bu sungat eserleri nädip döredilendigine düşünmek üçin sergide ýerleşdirilen işleri üns berip synlamak gerek. Bu sergi sungatyň iň gyzykly görnüşleriň biri bolan, ýagny gurjak ýasamak hünäri bilen meşgullanýan adamlar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döreder. Gurjak ussatlar, öz gezeginde ähli çagalara oýnawaçlar dünýäsine ýol açar. 
Gurjaklara özüniň döredilen wagtyna laýyk gelýän geýimler geýdirilen. Sergide gurjaklaryň egin-eşikleri we köwüşleri, şaý-sepleri we olaryň erteki durmuşyna degişli başga esbaplary görkezilýär. Bu gurjaklaryň arasyndan saýlanyp alnan sowgat hakykatdanam begendirer we geň galdyrar. Hiç bir çaga bular ýaly täsin oýnawaçlara biperwaý galyp bilmez. 
Sergilenýän gurjaklar taryhylygyň, asyllylygyň, rehimliligiň duýgusyny döredýär, olar şeýle bir owadan hem mylaýym... 
Geliň, bu sergiň jadyly dünýäsine gezelenç edeliň! Sergi 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-27 aralygynda ähli tomaşaçylar üçin açyk bolar. 

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    23.06.2022                    

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi

               

                             


                    23.06.2022                    

Medeniýet hepdeligi — 2022: döwrüň ylham joşguny

               

                             


                    20.06.2022                    

«Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň»

               

                             


                    16.06.2022                    

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi