M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi

Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda medeniýete, sungata giň ýol açylmagy bilen onuň dünýä ýüzüne ýaýramagyna badalga berildi. Täze-täze medeniýet ojaklarynyň, muzeýleriň açylyp halkyň hyzmatyna berilmegi bolsa bu badalgany galkynyşlar derejesine ýetirdi. Işlemäge, döretmägei gurmaga şeýle mümkinçilikler döredilen Diýarymyzda medeniýet we sungat işgärleri has-da öndürüjilikli zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bu ugurdan alnyp barylýan işleriň sany barha köpelýär.

“Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli  geçirilýän çäreler, muzeý gaznasyndan  guralýan sergiler diňe bir muzeýde guralman, göçme sergileriň üsti bilen edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde hem yzygyderli geçirilýär. Halypa suratkeşleriň eserlerinden düzülen bu serginiň esasy maksady Watansöýüjilik, sungatymyzy, milli mirasymyzy halka, tomaşaçylara elýeterli edip görkezmek we ýaş nesillere, sungaty söýüjilere milli mirasymyzy aýawly saklamaklygy ündemekden ybarat bolup durýar.

Garaşsyz, Baky Bitarap türkmen döwletiniň ösüşleri, Bitaraplygyň beren miweleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik taryh, adamlaryň ajaýyp zähmetleri, ruhubelentlik, sagdyn ýaşaýyş durmuşymyz süňňünden eriş-argaç bolup geçýän bu sergide ýerleşdirilen  eserler Baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüniň ussat suratkeşleriniň reňk toplumlarynyň üsti bilen kendire geçirilen eserlerdir.

           Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň, Şamuhammet Akmuhammedowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Gennadiý Babikowyň, Saparmämmet Meredowyň, Walentin Kudrýaşowyň, Kakajan Oraznepesowyň, Çary Öwwäýwiň, Muzaffar Daneşwaryň, sergide ýerleşdirilen  eserlerinde parahat ýurdumyzyň ösüş ýoluny görmek bolýar.

          Ösüşlerden-ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň ýetjek belent sepgitleri rowaç alsyn.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    03.01.2022                    

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda «Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan, Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!» atly maslahatda gurnalan sergi

               

                             


                    25.12.2021                    

GURJAKLARYŇ ERTEKI DÜNÝÄSI

               

                             


                    22.12.2021                    

M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi

               

                             


                    17.12.2021                    

“Arkadagly asuda Diýar” atly maslahat