“Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen medeniýetinde, sungatynda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň esasynda ajaýyp sungatyň gözellikleri bu günki bagtyýar döwrümizde  adamlarda ýatdan çykmajak täsirini galdyrýar. Biziň göze ýakymly sungat eserlerimiz özüniň milli nepisligi, owdanlygy, kämilligi bilen sungat muşdaklaryny özüne çekýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň  şekillendiriş sungaty muzeýinde “Parahatçylygyň medeniýet” atly halkara webinar geçirildi. Webinar sanly ulgam arkaly online görnüşinde geçdi. Webinara Türkmenistandan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ukrainadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Belarusdan, Türkiýeden, Gruziýadan, Hindistandan, Päkistandan, Saud Arabystany Patyşalygyndan medeniýet we syýahatçylyk ulgamyndan  hünärmenler özara pikir alyşdylar. Webinaryň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow “Görogly” şadessanyndan bir parçany ýerine ýetirdi.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    03.01.2022                    

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda «Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan, Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!» atly maslahatda gurnalan sergi

               

                             


                    25.12.2021                    

GURJAKLARYŇ ERTEKI DÜNÝÄSI

               

                             


                    22.12.2021                    

M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi

               

                             


                    17.12.2021                    

“Arkadagly asuda Diýar” atly maslahat