Parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy atly maslahaty

2021- nji  noýabr aýynyň  29-na Türkmenistanyň  Medeniýet  minitrliginiň  ilkinji zenanlar guramasynyň , Türkmenistanyň  Zenanlar  birleşiginiň  Merkezi Geňeşiniň  hem-de Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat  Türkmenbaşy  adyndaky  Şekillendiriş  sungaty  muzeýiniň  ilkinji  zenanlar  guramasynyň  bilelikde  guramagynda  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik  guramalarynyň  merkezi  binasynda  geçirilen “Parahatçylyk  we  ynanyşmak  ýyly :  Türkmenistanyň  Prezidenti  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  parahatçylyk  söýüjilikli  içeri  we daşary  syýasatynyň  dabaralanmagy „  atly maslahatynda  halkyň islegi  nazarda  tutulup , öňe  sürlen  geljek  ýyly  “ Halkyň  Arkadagly  zamanasy „  ýyly diyip  atlandyrmak  baradaky  teklibi  goldamak  boýunça  hoşalyk  maslahaty geçirildi.

Maslahata   kitaphanalardan ,  muzeýlerden ,  bilim  ojaklaryndan  medeniýet  sungat  işgärleri  hem gatnaşdy.  Maslahata  gatnaşanlaryň çykyşlary diýsen täsirli boldy.  Hormatly Arkadagymyza   hoşalyklaryny bildirip  maslahata  gatnaşanlar  “ Halkyň Arkadagly zamanasy „  atly şygary el çarpyşmalar bilen golladylar. Eziz halkymyz Arkadagymyzyň daşyna  jebisleşip  ýurdymyň  mundan  beýläk hem öňe gitjekdigini uly ynam bilen aýtdylar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    29.07.2022                    

“El hünäri il gezer” atly duşuşyk

               

                             


                    26-28.07.2022                    

Medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça sebitleýin onlaýn okuwy (treningi)

               

                             


                    14.07.2022                    

„Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşygynyň çäklerinde göçme sergi

               

                             


                    08.07.2022                    

«Men suşini gowy görýärin» atly sergi