Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik rowaçlyklara beslenýän türkmen medeniýeti halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrmagyň aýdyň ýörelgesi boldy. Şol nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, sergiler, medeni çäreler yzygiderli geçirilip,  türkmen taryhy sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.  Şu ýylymyzyň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi eziz diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna  gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilýänliginiň  beýanydyr.

         Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň toý dabarasyny toýlap, Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramçylygyna  taýýarlyk görülýän şu günlerde medeni çäreler, sergiler  diňe bir muzeýde geçirilmän, Diýarymyzyň ösüşleri, üstünlikleri, taryhymyz we gündelik ýaşaýyş-durmuşymyz   göçme sergilerde sungat eserleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

           Aşgabat şäheriniň  syýahatçylyk  orta hünär okuw mekdebinde geçirilýän çäräniň çäklerinde guralýan bu sergi Türkmen taryhyny, milliligini, ajaýyp tebigatyny kendire geçirip, taryhda galdyrmakda uly işler bitiren nakgaşlardyr heýkeltaraşlarymyzyň muzeý gaznasyndaky eserlerinden düzüldi. Bu eserleriň arasynda Walentin Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy“, Gülşat Annamyradowanyň “Gumda düýeler”, Näzmämmet Satlykgulyýew “Sumbar“, Tuwak Sähedowanyň “Desterhan”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý” ýaly eserleri sergilendi.

          Bu eserleriň arasynda zenan suratkeş Tuwak Sähedowanyň “Desterhan” atly eserinde türkmen saçagyny milli görnüşde görkezmek bilen onda düýe ýüňünden dokalan saçagyň üstünde duran mele myssyk tamdyr çöregi ajaýyp görnüşinde şekillendirmegi başarypdyr. Bu esere seredip türkmen milliligine we mukaddesligine göz ýetirýärsiň. Şeýle ajaýyp sergileri we türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys. Goý onuň jany sag ömri uzak bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    30.11.2021                    

“Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar

               

                             


                    29.11.2021                    

Parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy atly maslahaty

               

                             


                    23.11.2021                    

Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi

               

                             


                    10.11.2021                    

«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi