«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi

Täsirli guralýan çäreler çagalarda ýatdan çykmajak guwançly duýgulary galdyrýandygy, olary hasam işjeňleşdirýändigi bilen tapawutlanýar. Şu gün hem hut şeýle boldy, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak, okuwçy ýaşlaryň giň köpçüligini döwletiň, il-günüň emlägini we raýatlaryň janyny, saglygyny ýangyn howpundan goramaklyga çekmek maksady bilen, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynadaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda Reňk bilen surat çekmek we galam bilen surat çekmek ugurlary boýunça «Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň  bäsleşiginiň döwlet möçberindäki jemleýji tapgyry Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilip, bäsleşikde öňdäki orunlara eýe bolan ýeňiji ýaş suratkeşleri sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň ýokary ussatlyklaryny, ukyp-başarjaňnyklaryny görkezdiler. Ýetginjekleriň arasynda şular ýaly ýangyn howpsuzlygy bilen baglanşykly çäreleriň geçirlip durulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi ýetginjeklerde aň-düşünje, zehin başarnyklaryny, hyjuw-hyýalyny ýokary galdyrmakda özüniň terbiýeleýji ähmiýetli netijelerini berýär. Geljegimiz bolan ýaş nesliň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagynyň üpjün eder.  Bu bolsa geljek nesillerimiziň sagdy, aň-düşünjeli bolup, il-günüň guwanjy boljakdynyň subutnamasydyr. Bäsleşikde özleriniň has ýokary suratkeşlik ussatlyklaryny görkezen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynadaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleri öňdäki orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň diplomlary, hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    30.11.2021                    

“Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar

               

                             


                    29.11.2021                    

Parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy atly maslahaty

               

                             


                    23.11.2021                    

Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi

               

                             


                    10.11.2021                    

«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi