“Güneşe baý, bereketli topragym”

 Toýdur baýramlary bir-birine ulaşýan Diýarymyzda bu gün babadaýhanyň alyn deriniň, arly ýylky çeken zähmediniň miwesi bolan, bereketli hasylyň  toýy toýlanýar. Bu baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Babadaýhanyň zähmediniň  toýy bolup durmuşa ornaşan bu dabaranyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Güneşe baý, bereketli topragym” atly sergi gurnaldy. Sergide suratkeşleriň daýhanlar, olaryň ýetişdiren hasyllary, nazy-nygmatlary  baradaky zähmeti wasp edýän ajaýyp eserleri sergilendi. Sergide tomaşaçylar Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň  “Pagtaçylara ylmy kömek”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Gülleýiş”, “Işden soň”,  Annadurdy Almämmedowyň “Pagta ýygymçylar”, “Baýramçylyga”,  Hally Annaçaryýewiň “Gök gämileriň kapitanlary”, Meretdurdy Annagulyýewiň “Oba zähmetkeşlerinde myhmançylykda”, Rejepmuhammet Berdiýewiň “Türkmenistan”, Annadurdy Myradalyýewiň  “Ak bugdaý”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Nikolaý Çerwýakowyň “Ekin ýerleri”,  Tamara Kiselýowanyň ”Ene toprak” Hezret Rejepowyň, “Pagtaçylar” we başga-da birnäçe eserler toplumy sergilendi.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    30.11.2021                    

“Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar

               

                             


                    29.11.2021                    

Parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy atly maslahaty

               

                             


                    23.11.2021                    

Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi

               

                             


                    10.11.2021                    

«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi