«Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşiginiň sergisi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkyna we ene-ata wepaly, ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär we munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň has-da kämilleşmegi üçin ýurdumyzda yzygiderli dürli  bäsleşikler gurnalýar. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgerişleri wasp etmek, jemgyýetiň ruhy baýlygyny has-da artdyrmak, milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, şeýle-de çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak we olary höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem  «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň bilelikde ýurdumyzda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň birinji tapgyry öz mekdeplerinde geçirilip, bäşleşigine hödürlenýän işleriň jemleýji tapgyry 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergilendi. Bäsleşik grafika, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, gobelen, zergärçilik we külalçylyk işlerine degişli işler hödürlenildi. Bäsleşige gatnaşan işler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli we ynsanperwer halkara gatnaşyklaryny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, milli däp-dessurlarymyzy, gymmatlyklarymyzy we gözel tebigatymyzy wasp edýän eserleri öz içine alýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Diplomlary, Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    30.11.2021                    

“Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar

               

                             


                    29.11.2021                    

Parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy atly maslahaty

               

                             


                    23.11.2021                    

Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi

               

                             


                    10.11.2021                    

«Ýurt abadan – il bagtyýar» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi