„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde „Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“ atly sergi gurnaldy. Sergide sergilenen eserleriň many-mazmunynda eserlerde sagdyn durmuş ýörelgesi teswirlenýär.

       Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň “Ýaraly oglunyň düşeginiň ýanynda”, Ýakup Annanurowyň “Çaga lukmany”, “Enelik”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri  Nyýazmyrat Dowodowyň, “Oba keselhanasynda”, “ Lukman Şahalyýewiň portreti”, “Şepagat uýasy”, Toýmämmet Esenmämmedowyň “Lukmanlar çopanlaryň arasynda”, suratkeşler Juma Hudaýgulyýewiň “Oba sportsmenleri”, “Unaş”, Jumadurdy Bekdurdyýewiň “Ajaýyp gün” atly nakgaş eserlerindäki görnüşler sagdynlygyň, berk bedenliligiň, adam erkiniň, güýç çeşmesiniň esasyny düzüp, tomaşaçylary özüne çekýär.Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri  Toýmämmet Esenmämmedow „Lukmanlar çopanlaryň arasynda“ diýen eserinde öz gahrymanlarynyň üsti bilen Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşen çopan goşuna lukmanlaryň baryşlaryny görkezen bolsa,  Jumadurdy Bekdurdyýew “Ajaýyp gün” atly eserinde  başlary asman bilen bäsleşip duran agaçlaryň saýasynda adamlaryň dynç alýan pursatlaryny şekillendiripdir. Ýaşyl baglaryň astynda, ýumşak otlaryň üstünde top oýnaýan, gezelenç edýän, kitap okaýan ýaşlaryň üsti bilen awtor dynç alşyň özenini düzüpdir. Şeýle-de, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gennadiý Babikowyň, Ýewgeniý Grişiniň, Abdulaly Nagiýewiň naz-nygmatly natýurmortlary, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň “Keýigokara”, Tamara Kiselýowanyň “Jasmin gülleri”, “Naryň güllemegi” atly ajaýyp peýzažlary serginiň ynsan saglygy baradaky mazmunyny has-da çuňlaşdyrýar.

Tutuş süňňünden ruhubelentlik, sagdyn ýaşaýyş durmuş eriş-argaç bolup geçýän bu sergini synlan her bir tomaşaçynyň ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi,  saglyk ýörişleri, sport ýaryşlary, ýaşlaryň sagdyn ruhy, ruhubelent, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşlylygy barada giňişleýin düşünje almaga doly mümkinçiligi bolar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    20.10.2021                    

„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

               

                             


                    07.10.2021                    

„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

               

                             


                    04.10.2021                    

Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

               

                             


                    01.10.2021                    

Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi