Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

Şu gün, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Mary welaýatynyň Hudaýnazar kümmetinde rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça taslamanyň kabul edilmegine bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ABŞ-nyň "Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy" maksatnamasynyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin bäsleşigiň netijesinde Türkmenistanyň  Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ABŞ-nyň Tehas uniwersiteti bilen bilelikde hödürlän taslamasynyň ýeňiji hökmünde saýlanandygy habar berildi.

Bu taslamanyň çäklerinde Mary welaýatyndaky Hudaýnazar kümmetiniň esasy girelgesi ýerleşen günbatar diwaryny ozalky durkuna getirmek we ol ýerde ulanylan bezeg nagyşlaryny dikeltmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana agzalan müdirligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýeňijini gutlamak dabarasyny geçirdi. Duşuşyga Tehas uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Hudaýnazar kümmetini rejelemek boýunça taslama “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy” Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda ýeňiji hökmünde yglan edilen 29-njy taslama bolup durýar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    27.08.2021                    

Hindistanyň medeniýetini we taryhy ýadygärliklerini beýan edýän foto sergisi

               

                             


                    25.08.2021                    

Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

               

                             


                    25.08.2021                    

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisi

               

                             


                    20.08.2021                    

«Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty