Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisi

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, nakgaş Gennadiý Fýodorowiç Babikowyň eserleri XX asyryň ortalaryndan başlap türkmen okyjylarynyň kalbynda orun aldy. Onuň döredijiligi türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda  ajaýyp sahypalaryň biri bolup, täze döredijilik ýoluny açdy we ony halk sungaty bilen baglanyşdyryp ajaýyp sungata öwürdi.

         Türkmen tebigatynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda peýzaž žanrynyň ussady, zehinli suratkeş Gennadiý Babikow Türkmenistanyň senagatyna, oba hojalygyna bagyşlap köp eserler döretdi. Ýadamany bilmeýän suratkeş Türkmenistanyň dürli künjeklerine syýahat edip, “Bagyryň üzümçiligi”, “Aşgabatda güýz”, “Bahar”, “Oýnaýan çagalar”, “Zenanlar topary”, “Estakada”, “Welosipedçiler”, “Ýaşuly yzçy”, “Tomus”, “Bagyr ertekisi”, “Çeleken”, “Garabogaz köl”, “Garrygala” ýaly eserlerinde ýurdumyzda zähmet çekýän işçileri, daýhanlary şahyrana derejede wasp edýär. “Narlar”, “Siren”, “Bägüller we risler”, “Küýzeli natýurmort” atly natýurmortlarynda türkmen topragynyň nazy-nygmatlary barada söz açylýar.

         Onuň “Welosipedçiler” atly eserinde Köpetdagyň güýzki durky görkezilipdir. Dag gerişleriniň arasyndan aýlanyp geçýän ýollarda welosipedçileriň toparyny suratlandyrmak arkaly awtor ýene-de tebigata ýüzlenýär. Bir wagtyň dowamynda, bir eseriň tekizliginde tebigatyň ýaşaýşyny, onuň hemme pursatlaryny görkezmek mümkin däl. Şonuň üçinem suratkeş tebigatyň görnüşini gös-göni göçürmän, synlaýan, öwrenýän tebigatynyň iň görmegeý parçalaryny nygtaýar.Ol hakykaty dogruçyl suratlandyrmak ýolunda ýönekeý we göze ilmeýän zatlaryň görnüşlerini, owadanlygyny, täsinligini görmäge ymtylýar.

         XX asyryň ussat suratkeşleriniň biri bolmak bilen Gennadiý Babikow türkmen tebigatynyň aýdymçysy bolup, ajaýyp eserleri döretdi we ogly– suratkeş Stanislaw Babikowyň özi  ýaly türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edýän suratkeş bolup ýetişmegine yhlas-aladasyny siňdirdi. Stanislaw Babikow özüniň gysga ömründe kalba ýakyn eserleri döretdi. Muňa mysal edip, “Kakamyň portreti” atly işinde öz kakasynyň keşbini döredijilik eserleriniň arasynda pikir edip otyran pursadyny, birnäçe reňkleriň üsti bilen suratkeşiň döredijilik dünýäsiniň baýdygyny görkezmänge çalşypdyr. Bu eser uly göwrümli bolup, ussat suratkeşiň özboluşly dünýäsini açyp görkezýär. Onuň döredijiliginde tebigat gözelligi bilen zähmet adamlarynyň sazlaşygy uly orun eýeleýär. “Güýz”, “Gyşky üzümçilik”, “Gyşa taýýarlyk” ýaly eserleri türkmen gyşynyň waspydyr. Olaryň nakgaşlyk ussatlyklary örän galyň çalynan boýaglaryň düzüminde, ýüze çykýar. Öz eserlerinde ýaşaýan ussatlaryň  döredijiligi üstünden asyr geçse-de, uly medeni hazyna bolmak bilen nesiller üçin ajaýyp mekdep bolup hyzmat edýär.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    27.08.2021                    

Hindistanyň medeniýetini we taryhy ýadygärliklerini beýan edýän foto sergisi

               

                             


                    25.08.2021                    

Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

               

                             


                    25.08.2021                    

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Gennadiý Babikowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergisi

               

                             


                    20.08.2021                    

«Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty