Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň döredijiliginden ýatlama sergisi

Çagalygyndan sungata höwesli Nyýazmyrat Dowodow 1935-nji ýylda  Aşgabatdaky Türkmen Döwlet sazçylyk-çeperçilik tehnikumyna okuwa girýär. Bu barada suratkeşiň özi: “Ilkibaşda men sazanda bolmak isläp tehnikumyň fortepýana  bölüminde okadym. Soň belli suratkeş Sergeý Nikitowiç Begliýarowyň maslahaty bilen, Bäşim Nuralynyň sapak berýän şekillendiriş sungatynyň taýýarlaýyş bölümine   geçdim. Men şonda Bäşim Nuralyny birinji gezek gördim we oňa bütün ömrüme minnetdar” diýip, soň-soňlar ýatlar ekeni. Soňra okuwyny Aşgabadyň ýörite sungat mekdebinde dowam etdiren suratkeş ilkinji mugallymlary Anna Nikolaýewna Ilýinadan, Pýotr Nikolaýewiç Kozelkowdan sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär. Sungat älemindäki geljekki üstünliklerine täsir eden mugallymy Ýuliýa Daneşwar  onuň döredijiliginde uly rol oýnaýar. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy,  Harkowyň çeperçilik institutynda okuwyny dowam etdirmekçi bolan ýaş suratkeşiň ugruny okuwa däl-de fronta tarap uýtgedýar. 1944-nji ýylda agyr ýarasyndan soň Aşgabada dolanyp gelýär we Sankt-Peterburgyň I.Ý.Repin adyndaky nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk we binagärçilik  institutyna okuwa girýär. Russiýanyň çygly howasynyň ýaralaryna täsir etmegi sebäpli güneşli Aşgabada dolanyp gelýär we ähli güýji bilen döredijiligini dowam etdirýär.

Nyýazmyrat Dowodowyň döredijiliginde ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegini, onuň liriki gözelligini açýan eserler bar. Suratkeş öz eserlerinde halkynyň zähmeti bilen özgerdilen we kämilleşdirilen gadymy türkmen topragyny wasp edýär. Senagat peýzažyna ýüzlenip, suratkeş diňe bir hadysanyň hakykatyny, dogruçyllygyny beýan etmek bilen çäklenmän, täzeden döredilen tebigatda döredijiligiň romantiki aýratynlyklaryny görmäge synanyşýar. Ene topragyň köptaraply görnüşi üýtgeşik pasyllarda, günüň dürli wagtlarynda tomaşaçylara giňden açylyp görkezilýär.

Onuň “Esgerler bilen duşuşukdan soň”, “Gülälekler”, “Meniň Watanym”, “Meniň Watanymyň künjegi” atly eserlerinde ýurdumyzyň täsin galdyryjy gözelligi, ýaz paslynyň joşgunly gülleýşi, gülälekli bahary beýan edilýär.  “Meniň Watanymyň künjegi” atly monumental eseri bilen suratkeş türkmen tebigatynyň özüne çekiji keşbini döretdi. Onda ýaşyp barýan, çym-gyzyl günüň ýerliginde Köpetdagyň keşbi beýgelýär. Eser filosofiki taýdan çuň manyly bolup, tebigatyň bakylygy, adamyň durmuş ýolunyň geçişi hakda pikirleri özünde jemläp, dogduk mekanyň gözelligini görmegi we söýmegi öwredýär. Suratkeşiň bu eseri birnäçe sergilerde, şol sanda Monrealda (Kanada) Bütindünýä sergisinde üstünlikli görkezildi.  

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, nakgaş Nyýazmyrat Dowodowyň döredijiligi nesiller üçin mekdep bolup hyzmat edýär.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    14.07.2021                    

“Sungat joşýar Arkadagyň ýurdunda” atly döredijilik duşuşygy we sergi

               

                             


                    09.07.2021                    

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Amaly-haşam sungaty” eserleriniň sergisi

               

                             


                    06.07.2021                    

Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gurnalan göçme sergi

               

                             


                    17.06.2021                    

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň döredijiliginden ýatlama sergisi