«Sözsüz sungatyň öwüşgünleri»

       Türmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäher häkimliginiň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde 2021-nji ýyl “Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäherniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň 18-30 ýaş we 12-16 ýaş aralygyndaky suratkeşleriniň arasynda merkezi aziýanyň merjeni bolan Aşgabat şäherimizi hem-de gözel tebigatymyzy wasp etmekde nakgaşçylyk  boýunça “Sözsüz sungatyň öwüşgünleri” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň her ugry boýunça ýaş aýratynlygyna laýyklykda 1,2,3-nji ýerlere mynasyp bolan ýeňijilere şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşanlara hormat hatlary, diplomlar we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.05.2021                    

“Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy”

               

                             


                    26.05.2021                    

„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

               

                             


                    26.05.2021                    

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

               

                             


                    17.05.2021                    

«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»