„Olar ýüreklerde ebedi ýaşar“

Ýurdumyzda “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarly ýylynda,  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk  baýramynyň uly dabaralara beslenmeginiň, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýunyň toýlanmagynyň şatlykly günlerinde ýene-de bir şanly waka – Beýik Ýeňişiň 76 ýyllygy ählihalk bolup toýlanylýar. Bu toý-baýramçylygyň dabarasy tutuş Diýarymyzy şatlyk bilen  gurşap aldy.   Onuň şanyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde „Olar ýüreklerde ebedi ýaşar“  atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi.

Üstünden ýarym asyrdan köp wagtyň geçendigine garamazdan, bu Ýeňşe ýetmek üçin  çekilen ýitgiler häli-häzirlerem  halkyň ýüreginden çykanok. Her bir ojaga özüniň ajy möhrüni basyp geçen ikinji jahan urşunyň ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 76 ýyllygyny belleýän halkymyz oňa gatnaşan gahrymanlaryny hatyralap, olaryň ýadygärliklerine gül desselerini goýýarlar.  „Hemme zat front üçin – hemme zat ýeňiş üçin“ diýen şygar bilen zähmet çeken halk köpçüliginiň agyr günleri sergidäki eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär we uruş ýyllarynyň ilkinji ajy habarlaryndan başap ýeňiş habaryna çenli türkmen halkynyň durmyşynda bolup geçýän wakalary görkezýär.

Uruş ýyllarynda halkyň durmuşy şol döwrüň  sungatynyň gaýtalanmajak häsiýetini döretdi. Bu aýylganç urşa gatnaşan Türkmenistanly suratkeşler öz eserlerinde durmuşyň agyrlygyny, gahrymançylyklary suratlandyrmak bilen birlikde, duşman bilen ählihalk söweşini hem  beýan etdiler. Bu ýagdaý frontçy suratkeşler Gennadiý Babikowyň “Ýaňlan aýdym”, Yzzat Gylyjowyň “Seýitnyýaz Ataýewiň portreti”, Ýakup Annanurowyň “Halk we front birdir”, Wladimir Pawloskiniň “Böwsüp geçmek”, Iwan Ilýiniň “Geldiýew Rahmanyň portreti”,   Nyýazmyrat Dowodowyň “Esgerler bilen duşuşykdan soň”, Iwan Çerinkonyň “Uruş weteranlary”, Nikolaý Çerwýakowyň “Dynç alyş” atly sergide ýerleşdirilen  nakgaş işlerinde, Annameret Taganowyň “Gutlaýarys”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Garaşmak”, Alekseý Şetininiň “Ýeňiji”,  Welmyrat Jumaýewiň “Ýeňijiler” atly heýkel we keramika eserlerinde has aýdyň açylyp görkezilýär. Suratkeşleriniň sergide ýerleşdirilen eserleri baý reňkleriň utgaşmagynda şatlykly we gynançly pursatly, milli äheňlidir.

Şanly baýramçylyklaryň ýylynda toýlanýan beýik ýeňişiň  76 ýyllygy bilen ähli türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi gutlaýarys. Janyňyz sag bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.05.2021                    

“Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy”

               

                             


                    26.05.2021                    

„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

               

                             


                    26.05.2021                    

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

               

                             


                    17.05.2021                    

«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»