„Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy“ atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli üstünlikli amala aşyrylan 28 sany taslamalarynyň suratlarynyň sergisi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar uly gerimler bilen ösýär. Medeni gatnaşyklary dostlukly ýola goýan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr. Şu gün ýagny maý aýynyň 05-ne Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy mynasybetli çäre gurnaldy. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda geçirildi. Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni miras ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we ol oňyn netijelerini berýär. Bu ýurduň Döwlet departamentiniň „Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy“ atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan başlap häzirki wagta çenli Türkmenistanyň terretoriýasynda jemi 28 taslama üstünlikli amala aşyryldy.  Bu çärede hem şol amala aşyrylan taslamalaryň suratlarynyň sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Olardan Seýit Jemalletdin Metjidinyň syrça bezegleri, Gadymy Nusaýdaky diwar suratlary, Abu Sahyt Abul Haýryň gubury, Soltan Tekeş kümmetiniň gümmmezi, türkmen halylarynyň seýrek ýygyndysy, türkmen golýazmalary  we ş.m degişlidir. Geljekde iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň çäklerinde medeni ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk milli mirasyň ösmegine we geljekki nesillere netmeginde möhüm orny eýelär.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.05.2021                    

“Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy”

               

                             


                    26.05.2021                    

„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

               

                             


                    26.05.2021                    

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

               

                             


                    17.05.2021                    

«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»