Halypa suratkeşler bilen “Garaşsyzlygymyzyň waspy şekillendiriş sungatynda” atly döredijilik duşuşyk

Ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy dikeltmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, adamlary birek-birege ýakynlaşdyrmakda, parahatçylygy, ynsanperwerligi, adamkärçiligi ösdürmekde, ruhy dünýäni galkyndyrmakda, gözelligi we nepisligi kämilleşdirmekde medeniýet ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan şekillendiriş sungatynyň hyzmaty uludyr. Şu nukdaýnazardan «Çeper hem çylşyrymly sungat ata-babalarymyzyň ruhy dunýäsiniň, şöhratly geçmişiniň, gözel tebigatynyň özboluşly şöhlelenmesidir» diýip jaýdar belleýän Gahryman Arkadagymyz türkmen şekillendiriş sungatyna döwlet syýasatynda mynasyp orny berdi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat, halypa suratkeşlerimiz bilen yzygiderli döredijilik duşuşyklary geçirilýär. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde muzeýde halypa suratkeşler bilen “Garaşsyzlygymyzyň waspy şekillendiriş sungatynda” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ada Gutlyýew, Kakageldi Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri haly suratkeşi Annabibi Yslamowa, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Aýjemal Omarowa ýaly döredijilik ulgamynda zähmet çekýän ussatlar gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga döwletimizdäki muzeýlerden hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda olar sungat adamsynyň döredijilik adamsynyň gözelligi wasp edýän ýurdumyzyň parahatlygyny asudalygyny wasp edip ýaşlar bilen döredijilikli işleýändiklerini giňişleýin gürrüň berdiler. Häzirki wagtda talyp ýaşlaryň Ak şäherimiz Aşgabady wasp edip, sergilere taýýarlyk görýändiklerini aýtdylar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýew öz çykyşynda ýaşlaryň joşgunlaryny saklap bolmaýar, döretmäge tema kän, pikir kän şeýle ýaşlary okatmak aňsat diýdi. Şeýle-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew ýaşlarymyzyň döredýän işleri bir – birine meňzemeýär, gelejegimiziň derejesi şu günümize bagly. Öňümizde bedew baýramy bar, oňa-da ulydan taýynlyk görülýär. Haly suratkeşi Annabibi Yslamowa öz döreden eserleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Halyçylar öz halysynda Garaşsyzlygymyzy wasp edýärler. Üç sany sadaja guralyň üsti bilen dünýä meşhur halylary dokaýarlar. Sorag – jogaply geçen bu duşuşyk örän gyzykly boldy. Duşuşygyň ahyrynda gelen myhmanlar Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerinde uly üstünlikler, rowaçlyklar arzuw etdiler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    06.05.2021                    

«Sözsüz sungatyň öwüşgünleri»

               

                             


                    05.05.2021                    

„Olar ýüreklerde ebedi ýaşar“

               

                             


                    05.05.2021                    

„Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy“ atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli üstünlikli amala aşyrylan 28 sany taslamalarynyň suratlarynyň sergisi

               

                             


                    27.04.2021                    

Türkmen döwlet medeniýet institutynda guralan göçme sergi