Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde guralan göçme sergi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda ähli türkmen halky bilen bilelikde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri hem uly ruhubelentlik bilen “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny zähmet üstünlüklerine besleýärler. Muzeý gaznasyndaky halypa suratkeşleriň eserlerinden wagtlaýyn we göçme sergiler gurnalyp, ýurdumyzyň ösüşleri, taryhy, toý-baýramlary reňklerdäki owazlaryň we heýkellerdäki göwrümleriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milliligimizi, öwrenmek, goramak, sergilemek, wagz etmek, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halkyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek baradaky tabşyryklarynyň çaklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin göçme sergiler guralýar. Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde guralýan bu sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleri A.Hajyýewiň “Gülsoltanyň portreti”, Ý.M.Adamowanyň “Jöwza Şahberdiýewanyñ portreti. Ýagşy ýatlamalar üçin”, H.Rejepowyň “Bathyz”, “Awçylar” P.Korolýowyň “S.Karanowyň portreti”, N.Dowodowyň “Oba keselhanasynda”, „Professor lukman Aýsoltan Mämmetgulyýewanyň portreti“, „Lukman Şahalyýewiň portreti“, M.Daneşwaryň “Siren”, Ý.P.Grişiniň “Gelin”, ”Bahar”, “Dagda bahar”, ”Güýz”, S.Hojagulyýewanyň, “Keteniçiler”, “Gumda”, “Myhman”, “Çaýhana”, W.Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy“, A.Saurowyň „Siren“, T.Sähedowanyň “Desterhan” atly nakgaş eserleri bilen bilelikde J.Jumadurdynyň „Pegas“, A.A.Abramowyň “Ýaş lukmanlar”, B.Esengeldiýewiň “Lukman gyzyň portreti” ýaly muzeý gaznasynda saklanýan heýkel eserli hem sergilendi. Özüniň şanly 140 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabadymyz Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp çeper-binagärlik eseri hökmünde halkymyzyň, onuň dürli zamanalarda berkarar eden kuwwatly döwletleriniň häzirkizaman beýanydygy baradaky gürrüňler bu serginiň özeni bolup durýar. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygarly ýylymyzda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde geçirilýän şu sergimizden, ynsan saglygynyň geljekki goragçylary ruhy lezzet alarlar diýiň umyt edýäris.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    06.05.2021                    

«Sözsüz sungatyň öwüşgünleri»

               

                             


                    05.05.2021                    

„Olar ýüreklerde ebedi ýaşar“

               

                             


                    05.05.2021                    

„Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy“ atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli üstünlikli amala aşyrylan 28 sany taslamalarynyň suratlarynyň sergisi

               

                             


                    27.04.2021                    

Türkmen döwlet medeniýet institutynda guralan göçme sergi