Çagalaryň döredijiligi

Berkarar döwletimiziň  bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimize ylym-bilim, terbiýe babatda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesilleriň gelejekde medeniýetde, sungatda uly üstünlikler gazanmaklarynda uly şertler döredilen. Ýurdumyzda hereket edýän birnäçe welaýatlarymyzdaky çagalar çeperçilik sungat mekdepleriniň şeýle hem şähermizdäki sungat mekdeplerinde ylym-bilim alýan ýaş çagalarymyz özüniň döredijilik ýollaryny has hem giňeltmekde ak şähermiziň gözelligini, birnäçe seýilgählermiziň owadanlygyny, botanika bagynyň tebigy ajaýyplygyny ýaz paslynyň ýaşyl reňke bürenen meýdanyny, gülläp oturan baglaryny, gülälekleriň owadanlygyny türkmen sährasynyň ajaýyplyklarny öz döredýän eserlerinde ýerleşdirmegi başarýarlar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygmyzyň 30 ýyllygy şeýle hem ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaş suratkeşleriň çeperçilik mekdebinde özleriniň döredijiligi bilen ylym-bilim alyp ýören ýaş suratkeşleriň elleri bilen ýasan el işleriniň, çekilen suratlaryň sergisi gurnaldy. Sergide Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi, 7-nji çagalar çeperçilik mekdebi, 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarnyň gatnaşmagynda geçirildi. Sergi bäsleşik esasynda ýerine ýetirilip ýaş suratkeşlerimiziň döredijiliginde özleriniň gözýetimi esasynda ýerine ýetirlen eserler bolup onda ak şähermiz Aşgabadyň ösüşi, tebigatymyzyň gözelligini, natýurmort eserlerini, tebigatdaky haýwanat dünýäsi bilen baglanşykly eserler bilen gatnaşdylar. Bu döredijilik bäsleşiginde Sara Baýmuhammedowanyň, Ogulşat Çaryýewanyň, Gülbahar Myradowanyň eserleri bäsleşikde saýlandy. Ýaş suratkeşleriň döreden eserlerinde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän dürli däne önümlerini şekilleriň üsti bilen görmek bolýar. Şol eserleriň içinde haýwanat dünýäsi bilen baglanşykly çekilen tebigatda dynç alyp oturan keýigiň  şekilini däne önümlerden ýelimläp şekil ýasamagy başarypdyrlar. Şeýle hem mata böleklerinden elde ýerine ýetirilen çopantelpek gülüniň üstünde ganatjygny ýaýyp oturan bal arysynyň şekiljigi tomaşaçylarda uly täsirini galdyrýar. Bu bal arysy ýaz paslynyň gülläp gül açýan döwri bilen baglanşykly bolup dürli reňkli mata böleklerinden şekillendirilen.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    06.05.2021                    

«Sözsüz sungatyň öwüşgünleri»

               

                             


                    05.05.2021                    

„Olar ýüreklerde ebedi ýaşar“

               

                             


                    05.05.2021                    

„Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy“ atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli üstünlikli amala aşyrylan 28 sany taslamalarynyň suratlarynyň sergisi

               

                             


                    27.04.2021                    

Türkmen döwlet medeniýet institutynda guralan göçme sergi