“Merjen şäher Aşgabat”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly uly özgerişlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan her bir uly işler halkymyzyň ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir Ýurdumyzyň ajaýyp ak mermerli binalary Azýanyň merjen şäheri Aşgabadyň gözelligi Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly özgerişlere eýe boldy her binanyň gurluşyk aýratynlyklary gadymy binagärçilik sungatymyzyň äheňlerini özünde jemlemek bilen her bir adamda uly söýgi  döredýär. Watanymyz  sagat saýyn ösýär, özgerýär. Biziň Watanymyzyň birnäçe binalarynyň dünýä meşhur “Ginnesiň” rekodlar kitabyna girizilmegi häzirki ajaýyp döwrümizde biziň binagärlik sungatymyzyň uly özgerişlere mynasyp bolýandygynyň aýdyň suwutnamasydyr. Şeýle ösüşleri wasp edýän ajaýyp eserleri we täze binalaryň taslamalaryny özünde jemleýän ajaýyp sergi Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde  tarapyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde sergi gurnaldy   “Merjen şäher Aşgabat” atly bu ajaýyp  sergi ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, şeýle hem, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna bagyşlandy, Sergide muzeýiň gaznasyndan  Ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp-ýaşlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp taslamalary görkezildi.  Eserleriň arasynda ussat suratkeş Rahman Umarowyň “Erkana”atly deňiz üstünden uçup barýan iki sany ak guwyň keşbine seredeňde häzirki döwrümiziň ak guwlaryň päkligi ýaly batly gadam bilen öňe barýan watanmyzyň ösüşleri göz öňine gelýär. Sergide Mämmedowa Şemşadyň “Köýtendag tebigaty” Kisilýowa Tamaraň “Iris gülleri, ”Mekan Nurýagdyýewiň “Seýitjemaletddin metjidi” ýaly ajaýyp eserler bilen birlikde Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň eserleri we taslamasy görkezilýär her bir eserlerde Watanmyzyň uly üstünlikleri öz beýanyny tapýar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    12.04.2021                    

Halypa suratkeşler bilen “Garaşsyzlygymyzyň waspy şekillendiriş sungatynda” atly döredijilik duşuşyk

               

                             


                    12.04.2021                    

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde guralan göçme sergi

               

                             


                    08.04.2021                    

Çagalaryň döredijiligi

               

                             


                    05.04.2021                    

Baş baýlygym - saglygym