Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem-de Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa:

Jeren Baltaýewa – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň  mugallymy,

Ogulgül Nurlyýewa – Türkmenistanyň  Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy,

Oguldursun Çüriýewa – Türkmenistanyň  Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby,

Sona Karaşewa – Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni dagylar gatnaşdylar.

Duşuşyga gelen myhmanlar hersi öz alyp barýan işleri boýunça durup geçdiler.

Jeren Baltaýewa öz çykyşynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplar bilen Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllygyna baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyklar barada aýtdy.  Şeýle-de onlaýn wedioşekiller arkaly işlerini alyp barýandyklaryny gürrüň berdi.  

Ogulgül Nurlyýewa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi  bilelikde ýaşajyk suratkeşleriň sergilerini gurnaýandyklary barada aýtdy we  muzeýde okuw derslerini hem geçirýändikleri barada aýdyp geçdi.

Sona Karaşewa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýylyň dowamynda wagtlaýyn geçiriljek sergiler barada hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen bagly geçiriljek çäreler gurnaýandyklary barada aýtdy. 

Oguldursun Çüriýewa Türkmenistanyň  Döwlet çeperçilik akademiýasynda öz ýazýan diplom işi barada gürrüň berdi. Geljekde-de Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda  ýaş sungat öwrenijileri bolup öz goşandymyzy goşarys diýip aýtdy.

Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän möhüm maksatnamalary, döwletli işleri ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, gadymy däp – dessurlaryny, watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly gylyk – häsiýetlirini döwrebap eserleriň üsti bilen beýan etmekde,  sungat, döredijilik işgärleriniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin hem, döwletimiz ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine, ýaşlaryna,  uly ynam bildirýär, türkmen  sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmekde, bu ulgamyň has-da kämilleşdirilmegini, şeýle hem täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde olaryň netijeli işleri alyp barmaklary uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli şertleri döredýär.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    04.03.2021                    

Bagtdan paýly zenanlar

               

                             


                    01.03.2021                    

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda göçme sergi

               

                             


                    01.03.2021                    

Aşgabat ýylylyk trestinde göçme sergi

               

                             


                    26.02.2021                    

Ýapon gurjaklarynyň sergisi