“Halypa şägirt duşuşygy”

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halypa şägirt duşuşygy” atly gepleşik geçirilip Halypa suratkeşler Işanguly Işangulyýew, Saragt Babaýew, Merdan Nurmedow, Nurmämmet Nurmämmedow we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyň ady bilen ýaş zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen Halypa suratkeşler bilen ýaşajyk suratkeşleriň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypa suratkeşler öz döredijilik ýoly dogrusynda gyzykly täsir ediji gürrüňleri berdiler. Okuwçylar hem özlerini gyzyklandyrýan sungat barada soraglary bilen halypalara ýüzlendiler. Halypa suratkeşler ýaş nesle parahat watanymyzy, ýurdumyzyň tebigatynyň gözelligini, milli mirasymyzy wasp edýän eserleri döretmegi maksat edinmegi ündediler. Duşuşyk täsirli geçdi. Ýaşajyk suratkeşleriň indiki çekjek suratlaryndan halypalary sungat barada sözlän sözleri has kämilleşmegine itergi berer.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    04.03.2021                    

Bagtdan paýly zenanlar

               

                             


                    01.03.2021                    

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda göçme sergi

               

                             


                    01.03.2021                    

Aşgabat ýylylyk trestinde göçme sergi

               

                             


                    26.02.2021                    

Ýapon gurjaklarynyň sergisi