«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy tirsegine galdyrmakda, halklara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, adamlary birek-birege ýakynlaşdyrmakda, parahatçylygy, ynsanperwerligi, adamkärçiligi ösdürmekde, ruhy dünýäni galkyndyrmakda, gözelligi we nepisligi kämilleşdirmekde medeniýet ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan şekillendiriş sungatynyň hyzmaty uludyr. Şu nukdaýnazardan «Çeper hem çylşyrymly sungat ata-babalarymyzyň ruhy dunýäsiniň, şöhratly geçmişiniň, gözel tebigatynyň özboluşly şöhlelenmesidir» diýip jaýdar belleýän Gahryman Arkadagymyz türkmen şekillendiriş sungatyna döwlet syýasatynda mynasyp orny berdi. 
  2021-nji ýyly «Türkmenistan –– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde alnyp barlan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda medeniýeti, bilimi we ylmy ösdürmek boýunça kabul eden Kanunlary, Kararlary, görkezmeleri, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň, şeýle-de beýleki degişli edaralaryň görkezmeleridir buýruklary esasynda hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýyllyk  meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlar. Ýylyň ilkinji günlerinde muzeýimiziň  hünärmenleri muzeýiň hemişelik  sergi bölümlerinde muzeý gymmatlyklary barada öz aralarynda pikir alyşmak we 2021-nji ýylyň ady bilen baglanyşykly eserleriň  düşündirişli gezelenlerini has-da kämilleşdirmäge girişdiler. Şeýle-de ýylyň dowamynda muzeýimizde geçiriljek sergilere taýýarlyk  görülýär. 

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



22.01.2021

Ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Ata Watanym, jan Türkmenistan» atly sergi we «Watany goramak mukaddeslikdir» atly muzeý işgärleriniň gatnaşmaklarynda söhbetdeşlik





20.01.2021

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp “Diýarym-asuda, ýurdum-parahat” atly sergisi





15.01.2021

2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty we sergisi





04.01.2021

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»