Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar!

     Bu gün Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Bu gün Bitaraplygyň toýuny toýlaýan ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji agzybir halkynyň biragyzdan goldawyna mynasyp bolan içeri we daşary syýasaty, ilkinji nobatda milli bähbitleri goramaga, halkyň däp-dessurlaryny dikeltmäge, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilip, Bitaraplyk derejesini alan ata Watanymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen  gülläp ösüşleriň ýoluna düşdi. Bu üstünlikleriň hemmesi milli Liderimiziň öňden görüjiligi, başarjaňlygy, zähmetsöýerligi we ynsanperwerligi netijesinde amala aşyrylyp, beýleki halklar bilen medeni gatnaşyklarymyz hem dünýä giňişliklerine ýaýrady. Bitaraplyk derejesini almagymyz ykdysadyýetimiziň hem-de syýasatymyzyň ösüp barha rowaçlanmagyna we watanymyzyň gülläp ösmegine ýurdumyzyň at-abraýynyň has hem rowaçlanmagynda örän uly möhüm ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli  “Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar!” atly baýramçylyk sergisinde halypa suratkeşleriň, ussat heýkeltaraşlaryň hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri öz ornuny tapdy.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň “Bagşy Döwletgeldi Ökdürowyň portreti”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň “Gözel diýarym”, Rahman Umarowyň “Bagşy”, Ýewgeniý Grişiniň “Güller”, Merdan Kakabaýewiň “Ak bugdaý” ýaly şekillendiriş sungatynyň görnükli ussatlarynyň nusgawy eserlerinde parahat, asuda al-asmanly ýurdumyzyň waspyny ýetirýärler.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň “Türkmen ýaýlasynyň owazy” atly eserinde ýaşyl reňkli meýdanda baýramçylyk şowhunyny görmek bolýar. Eserde ak öýleriň birnäçesiniň, dürli reňkdäki baýdaklary görkezilip, ýaş seýisleriň ýaşyl ýaýlada at çapyp baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýarlar. Şeýle hem eserde halkymyzyň gymmatlygy hasaplanylýan türkmeniň ahal-teke bedewini we türkmen alabaýynyň görkezmek bilen ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny suratkeş beýan edipdir.

Bulardan başga-da sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň, Çaryýar Durdyýewiň, Tagir Ibragimowyň keramika eserlerini hem synlap bilerler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe boldy. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhynda müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Merdana halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini, döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, dünýä nusgalyk işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin! Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk baýramy  gutly bolsun!

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



22.01.2021

Ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Ata Watanym, jan Türkmenistan» atly sergi we «Watany goramak mukaddeslikdir» atly muzeý işgärleriniň gatnaşmaklarynda söhbetdeşlik





20.01.2021

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp “Diýarym-asuda, ýurdum-parahat” atly sergisi





15.01.2021

2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty we sergisi





04.01.2021

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»