Ülkämiň toý saçagynda

Eziz Watanymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz        tagallalary netijesinde ajaýyp toýlarymyz toýlara ulaşýar, ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda uly joşgun buýsanç duýgulary döräp bedew bady bilen öňe barýan halkymyzyň her gününiň rowaçlyklara beslenmegine uly mümkinçilikler döreýär. Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda ajaýyp baýramlarymyzyň ýene-de biri “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda mukaddes topragymyzdan önýän galla we gök-bakja önümlerimiziň baýramy bolan Hasyl toýunyň toýlanmagy biziň zähmetkeş daýhanlarymyzyň alyn derini siňdirip ösdürip ýetişdiren bol-elin bakja önümlerine we zähmet söýer daýhanlarymyza goýulýan uly sarpadyr. Türkmen topragy özüniň gök-bakja önümleri bilen eýsem taryhda, gadymy döwürlerde hem uly meşhurlyk gazanan bolsa bu günki günde-de türkmeniň şirinden, şeker datly gawundyr, garpyzlary dünýä bazarlarynda iň bir arzyly azyk harytlarynyň hatarynda bolmagy buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň bize döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzyň azyk bolçulygy we bolelinligi diýarymyzyň ähli bazarlarynda, dükanlarynda ýylyň islendik wagty dürli gök miwe önümlerimiziň bolmagy biziň saglygymyzyň hem tut ýaly bolmagyna uly täsiri bardyr, sebäbi şol ter miweleri iýmek we olardan taýýarlanylýan süýji mürepbeler biziň her birimiziň sagdyn bolmagymyza uly ýakymly täsirini  ýetirýär. Bu gün hem paýtagtymyzyň ajaýyp muzeýleriniň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly dabara  şatlyk şowhun bilen giňden bellenilip geçilýän Hasyl toýuna bagyşlap ''Ülkämiň toý saçagynda'' atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň döreden sungat eserleri baýramçylyk sergisine diýseň ajaýyp öwüşgin berýär, her bir sungat eserlerinde watanymyzyň gözelligi tebigatyň göwnüňi galkyndyryjy owadanlyklary jemlenendir. Bu eserleri ýerine ýetiren suratkeşler Türkmenistanyň Halk suratkeşleri  Aman Kulyýew, Ýewgeniýa Adamowa, Aman Amangeldiýew, Aýhan Hajyýew we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gennadiý Babikow, Nikolaý Çerwýakow şeýle hem ýaş suratkeşlerden Merdan Kakabaýew, Ýazmyrat Gulmyradow, Söýün Sähetgylyjow ýaly suratkeşleriň eserlerini görmek bolýar. Eserleriň arasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň 2015-nji ýylda  ýerine ýetiren ''Bereketli hasyl'' atly eserinde mukaddes topragymyzdan önýän ak altynly, pagta  meýdanyň ýanynda duran ýaş zähmetkeş gyzjagazyň keşbi şekillendirilen, eserde türkmen topragynyň ajaýyplygy hem-de bol hasyllylygy we asuda açyk asmanyň astyndaky gözelligi wasp edilýär. Şeýle hem heýkeltaraşçy ussatlarymyzyň döreden birnäçe daýhançylyga degişli sungat gözellikleri görkezilýär şeýle sergilerimiziň geçirilmegine hem-de türkmen sungatynyň ösmegine uly ýardam berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag işleri rowaç bolsun! Hasyl toýuňyz gutly bolsun. Baýramyňyz mübärek bolsun.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



06.11.2020

Ülkämiň toý saçagynda





15.10.2020

“Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti ” atly ylmy duşuşygynyň sanly ulgam arkaly geçirilmegi we arheologik tapyndylaryň sergisi





05.10.2020

Öten geçenleri ýatlap





01.10.2020

Törden orunly Ýaşulularymyz