Törden orunly Ýaşulularymyz

Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda toýlary toýlara ulaşýan eziz Watanymyzda ýene bir ajaýyp baýramlaryň biri her ýylyň 1-nji oktýabrynda uly dabara bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bellenilip geçilýän Halkara ýaşulular günüdir. Bu baýramçylyk biziň ýaşuly neslimize goýulýan uly bir hormat sylagyň aýdyň nyşany hökümünde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ak sakal gojalarymyzyň, altyn saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi, olaryň ýürek buýsançlaryny has-da goşalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň bedew bady bilen öňe alyp barýan bu gözel diýarymyzda ýaşulularmyza goýulýan sarpa örän ulydyr, sebäbi olar biziň üçin uly bir messeb hem-de mekdep bolup her bir başyny başlajak işimizde öwüt ündew berip esasy maslahatçymyz bolup durýar. Milletimiziň paýhasy saýylýan ýaşulularyň hormatyna ýörite baýram gününiň döredilmegi-de şol hormatyň beýanydyr ''Maslahatda biçilen don gysga bolmaz'' diýip könelerimiziň aýdyşy ýaly ýaşulular bize hemişe edep-terbiýe daragty, hökmünde uly bir görüm-göreldedir. ''Türkmenistan Bitaraplygyň Mekany'' ýylymyzda bellenip geçirilýän Halkara ýaşulylar güni mynasybetli bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ''Törden orunly Ýaşulylarmyz'' atly ajaýyp sergi gurnaldy sergide suratkeşlerimiziň  ýerine ýetiren nakgaş eserleri heýkeltaraşçy ussatlarymyzyň heýkelleri sergä uly bir öwüşgin berýär. Bu sungat eserleri biziň her birimiz  kalplarymyzy joşdurmak bilen ondaky şekiller parasatly ýaşulylarmyzyň durmuşda tutýan orunlary edep-terbiýe mekdebi häsiýetinde beýan edilipdir. Şeýle ajaýyp sungat eserleri döreden  suratkeşlerden Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjow, Annadurdy Almämmedow, Nyýazmyrat Dowodow, Durdy Baýramow, Aman Kulyýew we zehinli suratkeşlerimiz Merdan Kakabaýew, hem-de Meredowa Aýjeren ýaly nakgaşçylarmyzyň atlaryny agzamak bolar. Eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Nyýazmyrat Dowodowyň 1982-nji ýylda ýerine ýetiren ''Türkmenistanyň halk  ýazyjysy  Berdi Kerbabaýew Ýaşulylaryň arasynda'' diýen eserine syn berenimizde eserde ýazyjy obalaryň birinde daýhan birleşiginde ak sakal ýaşulylar bilen çaý başynda güler ýüzli söhbetdeş bolup oturan pursatlary beýan edilip onda al ýaşyl öwsüp duran oba buýsançly nazarlaryny salyp ýazyjynyň pähim parasada ýugrulan sözlerini diňläp oturan keşpleri beýan edilipdir. Eser ýagty açyk reňkler bilen çekilip onda asuda asmanyň parahat zeminiň üstündäki durmuşyň paýhasly manysy görkezilipdir. Her bir suratkeşiň eserlerinde öz ussatlygy, adamlara we durmuşa bolan garaýyşlary şol eserlerinde jemlenen. Suratkeş Şamuhammet Akmuhammedowyň 1982-nji ýylda ýerine ýetiren “Weteranlaryň maslahaty” atly uly göwrümli eserinde oba durmuşyndan bir pursady görkezmek bilen eserde gazet okap öz buýsançly garaýyşlary bilen özara maslahatlaşyp duran ýaşuly neslimizi suratlandyrýar. Eserdäki ýaşulylaryň keşbinde pähim-paýhasly, parasatly oba ýaşulularyny görmek bolýar. Eser ýagty reňkli bolup, onuň ikinji planynda gün ýaly öwsüp duran günebakarlar hem suratlandyrylan.  Bu sergide heýkeltaraşçy ussatlarymyzyň hem ýasan birnäçe heýkelleri bolup olardan halypa heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň, Mommy Seýitmyradowyň, Saragt Babaýewiň, we Baýrammyrat Esengeldiýewiň daşdan döredilen sungat eserleri sergä ajaýyp öwüşgin berýär. Umuman sergide görkezilen her bir sungat gözellikleri halkara ýaşulylar güniniň many mazmuny taýdan giň bir düşünjeli täsiri bilen sungat adamlarynda ýakymly duýgulary galdyrýar. Biz hem öz gezegimizde ýurdumyzda ulydan bellenilýän halkara ýaşulylar güni bilen Hormatly Arkadagymyzy we ähli ýaşulylarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlaýarys. Goý hemişe ýaşulular biziň aramyzda bolup özleriniň mukaddes öwüt nesihatlary bilen mydama bize pähim paýhasyň nusgasy bolup uzak ýaşamaklaryny arzuw edýäris. Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



06.11.2020

Ülkämiň toý saçagynda





15.10.2020

“Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti ” atly ylmy duşuşygynyň sanly ulgam arkaly geçirilmegi we arheologik tapyndylaryň sergisi





05.10.2020

Öten geçenleri ýatlap





01.10.2020

Törden orunly Ýaşulularymyz