Bilimli il ozar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz baky Bitarap Watanmyzda bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda,ýene bir ajaýyp baýramlaryň biri bolan her ýylyň 1-nji sentýabrynda   Ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýän,bilimler we talyp ýaşlar günüdir.

    Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşmegi we bu ugurda uly işleriň amala aşyrylmagy Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleriniň ajaýyp miwesidir.   Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan we ylym-bilim alýan her bir ýaşlaryň we  öz ugurlary boýuça has hem kämilleşmegine,uly mümkinçilikleriň          döredilmegihem-de diýarymyzda hereket edýän, orta we ýokary okuw mekdeplerinde  dünýäniň ösen tehniki we kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, biziň gelejek ýaşlarmyzyň Watanmyzy has hem gülletmekde öz goşantlaryny goşmaklaryna uly itergi berer.                

   Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap,bilim we ylym meselesine aýratyn üns bermegi öňdengörjülikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşip,ösüp dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamlarynyň hatarynda mäkäm orun aldy.Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda diýarymyzyň bilim ulgamynyň ojaklary, kämil pedagoglar, maddy enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilmegi biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar.

   Ýurdumyzyň çar  künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendirişsungaty muzeýinde ''Bilimli il ozar'' atly ajaýyp sergi açyldy sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň şeýle hem heýkeltaraşlarynyň bilime degişli bolan bir näçe sungat eserleri görkezilýär. Eserleriň arasynda şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy hünärmenleri tarapyndanmuzeý gaznasynda getirilen saklanýar.  XX asyryň 60-70-nji ýyllaryna degişli bolan ussat halypa suratkeşlermiziň ýerine ýetiren ajaýyp nakgaş eserleriniň hem bolmagy serginiň özboluşly mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bilimler we Talyp ýaşlara bagyşlanan bu sergide, suratkeşler  Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň, Ýakup Annanurowyň. Şamuhammet Akmuhammedowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň we ussat suratkeşler Ýewgeniý Grişiniň, Inga Pawloskaýanyň, Saparmämmet Meredowyň hem-de beýleki zehinlli suratkeşlermiziň döreden ajaýyp eserleri sungaty söýji muşdaklarmyza uly täsirini ýetirer. Eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 1954-nji ýylda döreden ''Kitap bazary'' atly       ajaýyp eseri bolup onda her bir adamynyň okuwa kitaplara we ylyma bilime bolan höwesini         görmek bolýar eserde kiçi ýaşly oglanjyklardan başlap uly ýaşly adamlaryň kitaba bolan höweslerini we olaryň joşgunyny suratkeş ussatlyk bilen çekmegi başarypdyr eseriň döredilenine üstünden ýarym asyrdanam gowurak wagt geçen hem bolsa eser öz öwşgünini ýitirmän saklap gelipdir. Umuman bu sergide Heýkeltaraşçy ussatlarmyzyň döreden ajaýyp heýkelleri hem bolup olardan ussat heýkeltaraşçy Nurymuhammet Ataýewiň, Amanmuhammet Hydyrowyň bilime degişli heýkelleri görkezilýär. Bu sergi her bir sungaty söýüji muşdaklara         diýseň uly täsirini ýetirer diýip aýdasymyz gelýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini                we ähli okuwçylary hem-de Talyp ýaşlary baýramlary bilen gutlaýarys goý olaryň işlerinde we okuwlarynda uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýäris. Bize okamaga döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn,baýramlar gutly bolsun.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



10.09.2020

Berkarar döwletli nurana Watan!





31.08.2020

Bilimli il ozar





17.07.2020

Saglygym – baş baýlygym





18.06.2020

Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly