Saglygym – baş baýlygym

Saglygyň  we ruhubelentligiň Watany hasaplanylýan ýurdumyzda saglyk maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler günsaýyn ýokary belentliklere we rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan birnäçe sagaldyş merkezleriniň hassahanalaryň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de okuw kliniki merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi we dünýäniň ösen tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda adamlaryň saglygy barada edilýän aladalaryň ýokary derejede ösýändigine şaýatlyk edýär. Adamynyň jany sag bolsa onuň hemişe şähdi açyk bolup durmuşa we ýaşaýşa bolan höwesi artýar.

Biziň ýurdumyz dünýä derejesinde sagdynlygy hem-de awadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň ÝUNISEF-niň ÝUNFPA-nyň saglygy goraýyş ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýan, bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Hem-de bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Dünýäniň ösen döwletler bilen özara bähbitli tejribäniň alyşmagy netijesinde, saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almagyň anyklamagyň we bejermegiň kämil usullary netijeli ornaşdyrylýar. Bnu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrylmaga mümkinçilik berýär.    

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistan dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan – melhemler mekany”, “Çaý – melhem hem ylham”, atly ajaýyp kitaplary biziň her birimiziň janymyzyň sag berk bedenli bolmagymyza uly täsirini ýetirýär. Sebäbi bu ajaýyp kitaplarda Türkmenistan Watanymyzda ösýän melhem otlaryň we ösümlikleriň adamyň saglygy üçin peýdasy barada giňişleýin bellenilip geçilýär. Hoşboý ysly jana melhem türkmeniň gözel tebigaty, melhem otlara we ösümliklere baý mekan hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 21-nji iýulynda bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Saglygym – baş baýlygym” atly sergi gurnaldy. Bu sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň külalçy ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat gözellikleri öz ornuny tapýar. Sergide Dowodow Nyýazmyrat, Annanurow Ýakup, Grişin Ýewgeniý, Daneşwar Muzafar, Çaryýew Witaliý, Seýitmyradow Mommy, Abramow Artur ýaly sungat ussatlarynyň döreden eserleri görkezilen.

 Türkmenistanyň halk suratkeşi Nyýazmyrat Dowodowyň 1967-nji ýylda döreden “Oba hassahanasynda” atly eserinde hassa ýatan bir ýaşulynyň gapdalynda onuň hal-ýagdaýyny sorap oturan maşgala şepagat uýasy görkezilýär. Eser ýagty we açyk reňkler arkaly ýerine ýetirilip, eseriň ikinji planynda penjireden görünýän baharyň owadan güllerinden bürenen agaçlar gülgüne reňkleri bilen has hem esere ajaýyp öwüşgin berýär. Eserde bahar gözelligini görkezmek bilen suratkeş hassa ýatan ýaşulynyň sag salamat bolup gutuljakdygyny baharyň tämiz howasynyň ýagtylygynyň üsti bilen alamatlandyrýar. Şular ýaly göze ýakymly eserleriň her biri tomaşaça diýseň uly täsirini ýetirer. Toýlar toýa ulaşsyn, baýramlar gutly bolsun!

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



10.09.2020

Berkarar döwletli nurana Watan!





31.08.2020

Bilimli il ozar





17.07.2020

Saglygym – baş baýlygym





18.06.2020

Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly