50-nji ýyllarda zehinli nakgaşlar A.Hajyýew, A.Kuliýew, N.Dowodow, Ý.Annanurow, Ý.Adamowa, A.Amangeldiýew we beýlekiler işjeň döredijilik bilen meşgul bolan suratkeşlerdir. Olaryň her biriniň döredijiligi, aýratyn sungaty öwrenijilik işine mynasypdyr, olaryň hersi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly goşant goşdular. Döredijilik ugurlary, boýunça suratkeşler eserleriň üsti bilen halkyň durmuşyny çeperçilikli döredilen keşplerde beýan edip, öz adamsöýüjilikli pikirlerini hakykatçyl we çynlakaý ýetirmegi başarypdyrlar. 1971-nji ýylda Moskwa şäherinde açylan “Türkmen topragynda” atly sergi şol döwrüň uly medeni wakasy bolýar. Sergide şol döwrüň ýaş nakgaşçylary Ş.Akmuhammedowyň, Ç.Amangeldiýewiň, S.Babikowyň, D.Baýramowyň, G.Begmyradowyň, M.Mämmedowyň we heýkeltaraş J.Jumadurdynyň eserleri bilen tomaşaçylar tanyşdylar. Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda bolup geçýän hil taýdan täze galkynyşy ýüze çykarýar. Hut şol sergiden soň sungaty öwrenijilik edebiýatynda şekillendiriş sungatynyň “türkmen mekdebiniň” emele gelendigi hakynda gürrüňler başlanýar. Muzeý toplumlarynda şol döwürlerde ussatlyk bilen işlän suratkeşleriň eserleri hem ýerleşýär. Olardan Ý.Baýramowyň, W.Pawloskiniň, B.Owganowyň, A.Almämmedowyň, A.Kiçigulyýewiň we beýlekileriň eserlerini agzamak bolar. Nakgaşçylyk bilen deň hatarda türkmen heýkeltaraşlyk sungaty hem aýaga galyp, ösüşi dowam etdirýär. Muzeý toplumlarynyň heýkel bölümi A.Şetininiň, N.Ataýewiň, B.Annamyradowyň, S.Babaýewiň eserleri bilen tanalýar. Grafika bölümi hem eserlere baýdyr. Olar: P.Znamenşikowyň, A.Kinýakiniň, H.Atakgaýewiň, I.Ilýiniň we beýleki suratkeşleriñ eserleridir. Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär.                   

             
 
 


© Museum of Fine Arts of Turkmenistan named after Saparmurat Turkmenbashi the Great 744000, Turkmenistan, c. Ashkhabad, 2002 (A.Navoi) Ave. 88 Tel: +993 12 92 71 69, fax: +993 12 92 72 44

Exhibition



                    19.03.2020                    

Exhibition “Novruz has come to blessed land”

               

                             


                    18.02.2020                    

               

                             


                    13.02.2020                    

Memorial exhibition of People’s artist of Turkmenistan Byashim Nurali

               

                             


                    11.02.2020                    

The exhibition of the Museum of Fine Arts of Turkmenistan in Trading-co-operative college of the Ministry of trade and foreign economic relations of Turkmenistan