Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli baştutanlygynda Milli medeniýetimiz we sungatymyzyň şöhraty dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ylhamyň tükeniksiz çeşmesi» ady bilen ussat suratkeş Mämmet Ýarmämmedowyň döredijilik sergisi gurnaldy. Suratkeşiň döredýän eserlerinde halkymyzyň milli gymmatlygy we türkmeniň baý däpleri wasp edilýär.
Dünýä edebiýatynyň taryhynda adamzadyň ruhy hazynasyna özüniň dürdäne many mazmuna ýugurlan şygyrlaryny miras goýan umumyadamzat şahyry Magtymguly Atamyzyň baý döredijiliginiň şöhraty dünýä dolýar. 2024-nji ýylymyzyň hem „Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýyly diýip atlandyrylmagynyň aňyrsynda hem umman ýaly giň many ýatyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkymyzyň hukugynyň, azatlygynyň, abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygyň we ylalaşygyň ygtybarly kepili bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we eziz Watanymyzyň erkanalygynyň we nurana geljeginiň nyşany bolup al-asmanda pasyrdaýan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygy her ýyl täze ösüşler bilen dabaraly bellenilip geçilýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli eziz diýarymyzyň dürli künjeklerinde giň gerimde geçirilýän jemgyýetçilik çäreleri, aýdym-sazly dabaralar, gurnalýan ajaýyp sergiler gahrymanlarymyza goýulýan belent sarpadan habar berýär. Beýik Ýeňşiň 78 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda göçme sergi gurnaldy.
Eziz diýarymyzda „Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ atly ajaýyp şygarly ýylymyzda, ýene-de bir şanly sene- Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy uly dabaralara beslenip toýlanylýar. Türkmeniň gerçek ýigitleri, ata watanymyzyň, ene-topragymyzyň, tutuş dünýäniň asudalygy, üçin janlaryny aýaman söweşen ýürekli gahrymanlardyr.
Ata Watanymyz adamzadyň maddy we ruhy medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna şol bir sanda söz sungatynda edebiýatyň taryhynda yz goýan beýik ýazjy, şahyrlaryň, akyldarlaryň ýaşap geçen mukaddes topragy.

TÄZELIKLER